02.09.2022
06.10.2022

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti metjit gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde döwrebap metjidiň taslamasyny düzmek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde arza bermeli we degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Teklipler 30 iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 27-35-73

+993 12 27-44-13

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Görogly köçesiniň 31-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022