03.09.2022
18.10.2022

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak işleriniň taslamasyny düzmek hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 18-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-46-64

+993 12 44-46-77

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022