16.03.2023
17.03.2023

Argus nebit önümleriň bazary 2023

“Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy “Argus nebit önümleriň bazary 2023. Hazar we Merkezi Aziýa” atly halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Dubaý şäherinde geçiriler.

Bu konferensiýa Hazar deňziniň, Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň nebit we nebit önümleriniň bazarlarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin uly halkara nebit, söwda ,ulag we logistika kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere ýygnar. Bu çärä 18 ýurtdan 150-ä golaý kompaniýalaryň wekilleri gatnaşar.

Häzirki wagtda bu konferensiýa gatnaşmak üçin tassyklanan kompaniýalaryň arasynda “Kuwait Petroleum Corporation”, SOCAR, “Jawad Oil Gas”, “Vortexa”, SGS we başgalar bardyr. Konferensiýa göwher hemaýatkär bolan “Pro Logistic Services” kompaniýasy tarapyndan , şeýle hem “Alcagesta”, “Ziayee Group”, “Hazar yol”, “Crait”, “Everest Energy DMCC” we “EGE Logistic” kompaniýalary bilen bilelikde gurnalýar.

Maslahatlaşyljak mowzuklar:

  • Russiýadan importyň çäklendirilmegi sebäpli nebit önümleriniň global akymynyň üýtgemegi
  • Ýewropanyň ýangyç balansynyň üýtgedilip gurulmagy
  • Ýük daşamalar bazary: nebit önümlerini daşamagyň ugurlaryny giňeltmek, ýük daşamalarynyň bahalaryna edilýän täsir, ätiýaçlandyryş bazaryndaky üýtgeşmeler
  • Rus nebiti üçin iň ýokary baha çäklendirmesiniň girizilmegi dünýädäki nebit we nebit önümleriniň akymyna nähili täsir etdi
  • Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde nebiti gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly ýüze çykan ýagdaý (Hindistan, Hytaý, Indoneziýa)
  • Türkiýedäki tendensiýalar: nebit önümleriniň importyndaky we eksportyndaky ösüş
  • Ýakyn Gündogaryň bazarlary
  • Gazagystandan üstaşyr akymlar we motor ýangyjyň eksporty
  • Gazak nebitniň akymlarynyň üýtgedilmegi. Transhazar ugry
  • Nebithimiýa önümleriniň Özbegistandan we Türkmenistandan üpjün edilmegi
  • Nebiti gaýtadan işleýän täze kuwwatrlyklaryň (önümçilikleriň) ösdürilmegi
  • Çig malyň we nebit önümleriniň Owganystana import edilmeginiň soňky tendensiýalary we geljegi
  • Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri
  • Çig malyň we nebit önümleriniň Eýrana alyş-çalyş we üstaşyr meýilnama esasynda iberilmegi

17-nji fewrala çenli gatnaşmak üçin hasaba alyş tölegi €1750

Giňişleýin maglumat almak üçin görkezilen telefon belgä we elektron salga ýüz tutup bilersiňiz:

oilproducts.conf@argusmedia.com

Jogapkär hünärmen: Swetlana Çmyhun

Elektron salgysy: svetlana.chmykhun@argusmedia.com

Telefon belgi: +44 (0) 20 3997 9915

Dubaý, BAE
Bulary hem okaň
2022