24.05.2023
25.05.2023

“Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi

Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergä gatnaşmaga çagyrýar. Bu sergi 24-25-nji maý aralygynda Söwda-senagat edarasynda geçiriler.

Bu geçiriljek sergide ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, ýuridik şahslaryň we işewür guramalaryň, ykdysady pudaklaryň ösmegine möhüm goşant goşýan telekeçileriň işleri görkeziler. Sergi işewürlik hem-de hususy pudakdaky täze tejribeler barada pikir alyş çalyşmak üçin, şeýle hem gepleşikler, ýygnaklar, söwda we beýleki şertnamalary baglaşmak üçin amatly platforma bolup hyzmat eder.

“Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergi ýyllaryň dowamynda şäher gurluşygy pudagynda abraýly sergä öwrüldi we sergä gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Çandybil şaýoly 143
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022