23.02.2023
28.02.2023

Gyzylarbat etrap häkimligi ýaşaýyş jaýlary gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzylarbat etrap häkimligi etrabyň Gyzylarbat şäheriniň D.Azady köçesiniň ugrunda raýatlar üçin bank karzlarynyň hasabyna 7 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna potratçy seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+993 246) 5-25-76

(+993 246) 5-43-03

Faks:

(+993 246) 5-10-24

Gyzylarbat, Balkan welaýaty
Bulary hem okaň
2022