13.03.2023
16.03.2023

Mary welaýatynyň häkimligi tender yglan edýär

Mary welaýatynyň häkimligi «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna», şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda, Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň Saryýazy obasynda 160, Mary etrabynda 160, Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky geňeşliginiň Haşyrdyk obasynda 320, Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Akýap obasynda 320 orunlyk çagalar baglarynyň, şeýle hem Mary şäherinde 500, Baýramaly etrabynyň Ýalkym geňeşliginiň Ýalkym obasynda 500, Ýolöten etrabynda 600, Murgap etrabynda 500, Wekilbazar etrabynda 600 orunlyk orta mekdepleriň, Sakarçäge etrabynda saglyk merkeziniň, Ýolöten şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 10000 m3 bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň, Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25000 m3, Sakarçäge etrabynyň Parahat şäherçesinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15000 m3 bolan suw arassalaýjy desgalaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek, Ýolöten etrabynda saglyk öýüniň durkuny täzelemek;

Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Üçdepe obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:

— ýangyn howpsuzlyk bölüminiň binasyny, ge­ňeşligiň edara binasyny, 660 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk merkezini, şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlaryny, şeýle hem lagym suwlaryny süzüji meýdançany, şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollaryny, daşarky, içerki elektrik ulgamlaryny gurmak we tekizleýiş işlerini geçirmek;

Sakarçäge etrabynyň Gümgüzer geňeşliginiň Garypata obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:

— ýangyn howpsuzlyk bölüminiň binasyny, geňeşligiň edara binasyny, 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk merkezini, şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlaryny, şeýle hem lagym suwlaryny süzüji meýdançany, şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollaryny, daşarky, içerki elektrik ulgamlaryny gurmak we tekizleýiş işlerini geçirmek;

Türkmengala etrabynyň Täze dünýä geňeşliginiň Kyrkişik obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:

— ýangyn howpsuzlyk bölüminiň binasyny, geňeşligiň edara binasyny, 660 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk merkezini, şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlaryny, şeýle hem lagym suwlaryny süzüji meýdançany, şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollaryny, daşarky, içerki elektrik ulgamlaryny gurmak we tekizleýiş işlerini geçirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 16-njy martyna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär:

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (522) 6-06-21

+993 (522) 6-00-34

Faks:

+993 (522) 6-77-13

Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022