Argus Gazagystanyň we Merkezi Aziýanyň nebit-gaz bazary - 2023
“Argus” garaşsyz nyrh agentligi 22-23-nji iýunda Almatyda geçiriljek "Argus Gazagystanyň we Merkezi Aziýanyň nebit-gaz bazary - 2023" V halkara konferensiýasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Adaty däp bolan konferensiýada nebit we nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz we nebithimiýa bazarlarynyň möhüm oýunçylary, şeýle hem Gazagystanyň we GDA ýurtlarynyň transport we logistika kompaniýalarynyň we döwlet edaralarynyň wekilleri ýygnanar. 30 ýurtdan 110 kompaniýanyň wekilleri eýýäm gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.
Konferensiýada maslahatlaşyljak mowzuklar:
- Russiýadan nebit we nebit önümlerini ibermegiň täze ugurlary, sebite täsiri;
- Gazagystanyň içerki bazarynda nebit üpjünçiliginiň shemasyny üýtgetmek;
- Çakyn geljekde Gazagystanyň bazary;
- Gazagystanda, Özbegistanda, Azerbaýjanda nyrh amallaryny geçirmek;
- Global suwuklandyrylan gaz bazarynyň häzirki ýagdaýy;
- Suwuklandyrylan gazyň Russiýadan Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksportynyň ösüşi;
- Nebit we gaz himiýasy: Merkezi Aziýa ýurtlarynda täze taslamalar;
- Gazagystanda nebithimiýa pudagynyň ösüşi: eksport mümkinçilikleri we importa garaşlylygy azaltmak;
- Transhazar ýük daşamalaryň ösüşi;
- Sebitdäki demir ýol gatnawynyň aýratynlyklary.
Konferensiýa hyzmatdaş kompaniýalaryň “Petrolic”, “Crait”, “Alcagesta”, “Texol”, “SGS”, “Intertrans”, “Yama Petrol DMCC”, “Bashir Navid Petroleum”, “Midas Oil Trading”, “Intertek”, “Semurg Invest” goldawy bilen geçiriler.
Konferensiýa gatnaşmak üçin tölegiň möçberi - € 1750.
Konferesinsiýa hasaba durmak üçin salgy boýunça geçiň.
Goşmaça soraglar boýunça guramaçylara ýüz tutup bilersiňiz: kazakhstan.conference@argusmedia.com