14.09.2023
15.09.2023

Argus mineral dökünleri - 2023

“Argus” garaşsyz nyrh agentligi türkmen kärhanalaryny 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek “Argus mineral dökünleri - 2023. GDA ýurtlarynyň, Hazar we Gara deňizleriň bazary” atly halkara konferensiýa çagyrýar.

Konferensiýada sebitdäki mineral dökün öndürijileri, söwda we transport kompaniýalary, ýük daşaýjylar, eksportçylar, logistika operatorlar, maliýe kompaniýalary, Aziýadan, Ýewropadan we Afrikadan tehnologiýa üpjün edijiler jemlener. Geçen ýyl bu konferensiýa 20 ýurtdan 250-den gowrak delegat gatnaşdy. Konferensiýada gatnaşyjylar ýakyn ýyllarda Hazar we Gara deňizleriň eksport bazarlaryny kesgitleýän önümleri, göwrümleri we eltiş usullaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Konferensiýada maslahatlaşyljak mowzuklar:

  • Global dökün bazaryndaky häzirki tendensiýalar;
  • Gündogar Ýewropanyň dökün bazarynyň ýagdaýy (Rumyniýa, Wengriýa we Bolgariýa);
  • Hazar we Gara deňiz sebitlerinden dökünleriň eksportynyň göwrüminiň üýtgemegi;
  • Hazar, Gara deňiz we Ortaýer deňzi ýurtlarynda karbamid bazary;
  • Türkiýe - täze dökün eksport merkezi hökmünde;
  • Hazar we Gara deňiz portlarynda täze logistika infrastrukturasy;
  • Demir ýol ulag koridorlaryny ösdürmek, demir ýol ýük gatnawlary bilen gara ýol ulaglary arkaly ýük gatnawlary arasyndaky bäsdeşlik;
  • Konteýner we multimodal ýük gatnawlary arkaly dökünleri daşamak - üpjün edijiler üçin täze mümkinçilikler;
  • "Ýaşyl" dökünler.

Resgistrasiýa geçmek üçin şu salga geçiň.

Goşmaça soraglar boýunça guramaçylara ýüz tutup bilersiňiz: fertconf@argusmedia.com

Stambul, Türkiýe
Bulary hem okaň
2022