16.06.2023
20.07.2023

“Türkmenhowaýollary” agentligi tender yglan edýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi elektron resminama dolanşyk ulgamyny döretmek we girizmek, onuň üçin gerekli enjamlary satyn almak hem-de tehniki hyzmat bermek boýunça açyk tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýäniň ýazmaça arzasy, doly ady, iş tejribesi, hukuk ýagdaýlary we bank rekwizitleri, arza berijiniň hasaba alyş we kanuny resminamalary, ynanç haty we pasport göçürmesi, telefon belgileri barada maglumatlary görkezmeli;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin ýerli kompaniýalar 175 manat ýa-da daşary ýurt kompaniýalar 50 ABŞ dollar möçberde (goşulan baha üçin salgydy we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) töleg tölemeli. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär
  • Bäsleşik boýunça tehniki ýumşy we reminamalary “Türkmenhowaýollary” agentliginiň 519 ýa-da 520 otaglarda alyp bolar.

Bäsleşik teklipli bukjalar Türkmenhowaýollary” agentliginiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar. Bäsleşigiň netijelerine garamazdan tender tölegi yzyna gaýtarylmaýar;

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Mastik möhür bilen kepillendirilen bäsleşik teklipli bukjalat, ýerli wagt bilen 16.00-dan 18.00-a çenli, Türkmenhowaýollary gullugynyň 519 ýa-da 520 otaglarynda kabul ediler. Bäsleşik teklipli bukja teklibiň elektron görnüşini we şertnamanyň esasy şertlerini ("Word" görnüşinde), şeýle hem tehniki we ykdysady spesifikasiýany ("Excel" formatda) hökman goşmalydyr.

Telefon belgileri:

+993 12 44-31-81

+993 12 44-30-10

A.Nyýazow şaýoly. 326, Aşgabat, Türkmenistan
Bulary hem okaň
2022