Daşoguzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça täze merkez gurlar

BT
Daşoguzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça täze merkez gurlar
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany “Dialog+” gemodializ enjamynda barlag geçýär, 2024-nji ýylyň maýy, Türkmenabat, Türkmenistan

Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň döwrebap binasy gurlar.
 
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagatynyň buýurmasy boýunça Gurluşyk we binagärlik ministrligi ady agzalan desgany gurmak üçin bäsleşik yglan edýär. Degişli bäsleşigiň bildirişi “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň şenbe günündäki sanynda çap edildi.
 
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň arzalary we teklipleri bellenilen tertipde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginde hasaba alynýar.
 
Arzalar we teklipler 2025-nji ýylyň 11-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

2022