Türkiýäniň gyş täsinlikleri

Türkiýäniň gyş täsinlikleri
Kappadokiýa, Türkiýe

Dünýäde iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biri bolan Türkiýe ýylyň islendik wagtynda jahankeşdeler üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär. Ýaz we Tomus pasyllary köp sanly syýahatçylary çekýän hem bolsa, Gyş pasly ýurduň gar bilen örtülen maýyl ediji tebigy gözellikleri bilen tanyşmak üçin gaýtalanmajak gözýetimleri açýar. Ýokary derejeli dagdan lyžaly typylýan ýerlerinden başlap, maýyl kenarýaka şypahanalaryna çenli Türkiýe ýatdan çykmajak gyşky başdan geçirmeleri hödürleýär.

Sportuň gyşky görnüşlerini söýüjiler üçin Türkiýäniň daglary birnäçe ajaýyp dagdan typylýan dynç alyş ýerlerini hödürleýär. Bu ýerde gar yzygiderli ýagyp, dürli kynçylykdaky ýollar we häzirki zaman desgalar gyşky sportuň dürli görnüşleri, şol sanda lyžada typmak, snowbord, heli-ski we snoukaýting bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär. Bursadan uzakda bolmadyk ýerdäki, Stambuluň golaýyndaky Uludag ajaýyp şertleri we degişli esbaplary ulanmaga alyp bolýandygy bilen giňden tanalýar. Bolu diýen ýerdäki Kartalkaýa ähli derejedäki adamlaryň haýaljak görnüşde typyp bilmekleri üçin şertleri, Merkezi Anatoliýadaky Erjies diýen ýer bolsa özüniň uzyn ýollary we ýokary elýeterliligi bilen haýran galdyrýar.  

Gündogar Anatoliýada, Erzurumyň Palandekin diýen ýeriniň çylşyrymly ýollary we ýumşak gary bar. Karsdaky Sarykamyş bolsa arassa kümüşsöw gary we golaýda ýerleşýän Çyldyr köli we Ani gadymy şäheri ýaly ajaýyp ýerleri bilen gyşky täsinlikler ýurduna öwrülýär.

Geň-taňlyklary we baý taryhy bilen meşhur Kappadokiýa sowuk aýlarda gyşky täsinlikler ýurduna öwrülýär. Bu ýerdäki gowak myhmanhanasynda ýaşamak aňrybaş amatlyklary, ýyly suwly howuzlary we rahat ýyladyjy peçleri bilen gaýtalanmajak duýgulary bagyşlaýar. Bu ýere gelýänler ýerasty şäherleri öwrenip, küýze önümleri taýýarlamak boýunça ussahanalara aýlanyp we hamyrly kebap we gaýmak ýaly ýerli nygmatlardan lezzet alyp bilerler.

Gyş pasly Stambuluň medeni gurşawyna ýakyndan aralaşmak üçin iň amatly wagtdyr. Däpler we döwrebaplyk sazlaşykly utgaşýan bu şäher her bir ädimde bendi ediji görnüşleri, taryhy ýadygärlikleri we muzeýleri hödürleýär. Esasy gözel ýerlere Keramatly Sofiýa, Bazilika sardobasy hem-de Stambuluň häzirki zaman muzeýi we Stambuluň arheologiýa muzeýi ýaly döwrebap çeperçilik muzeýleri girýär. Tagam söýüjiler Mişlen ýylyzlaryna eýe bolan restoranlarda agşamlyk naharyndan ýa-da ýol ugrunda taýýarlanylýan tagamlardan, mysal üçin salepden we gowrulan tokaý hozundan lezzet alyp bilerler.

Aram howany söýýänler üçin Egeý we Ortaýer deňiz sebiti güneşli gonalgalary hödürleýär. “Lonely Planet-iň” “2024-nji ýylda syýahat üçin iň gowy ugurlar” atly sanawyna girizilen Izmir özüniň ýumşak gyş howasy bilen meşhurdyr. Myhmanlar Mişlen ýyldyzly restoranlarda Egeý sebitiniň aşhanasyndan lezzet alyp we ýerli çakyr öndürijilerden bir zatlar öwrenip bilerler. Bularyň ýanynda bu sebite goşmaça özüne çekijilik bagyşlaýan gadymy Efes şäheri ýerleşýär.

Türk syýahatçylygynyň merjeni hasaplanylýan Antaliýa ýylyň ähli wagtynda özüniň ýumşak howa gurşawy bilen giňden meşhurdyr. Aňrybaş myhmanhanalar dynçlyk bagyşlaýan spa-massažlary hödürleýär. Aspendos ýaly gadymy ýadygärlikler, Köprüli-Kanýon ýaly tebigy täsinlikler syýahatçylaryna garaşýar. Gyşky sport görnüşlerini söýüjiler ulagly gideniňizde deňiz kenaryndan bary-ýogy bir sagat uzakda ýerleşýän Saklykent dynç alyş ýerine baryp, gyşky sporty sebitiň aşhana lezzetleri bilen utgaşdyryp bilerler.

Dagdan lyžaly typylýan ýerlerden başlap, medeni başdan geçirmelere we maýyl suwly kenarlara çenli dürli görnüşli gyşky dynç alyş teklipleri bilen Türkiýe Gyş paslynyň jadylaýjy täsinliklerinden lezzet almaga syýahatçylary çagyrýar. Garly gaýalarda başdan geçirmeleri ýa-da deňiz kenarynda dynç alşy gözleýändigiňize garamazdan, bu ýurt gaýtalanmajak gyşky dynç alşyň şaýady bolup biljekdigiňize kepil geçýär.

2022