26.01.2024
03.02.2024

“Weatherford Oil Tool Middle East Ltd.” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär

“Weatherford Oil Tool Middle East Ltd.” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Aşgabat şäherinde kärendesine ofis ýerlerini hödürlemek hyzmatyny bermek boýunça tender yglan edýär

Doly tehniki talaplary almak üçin aşakdaky elektron salgysyna arza ibermeli. Teklipleriň hemmesi, bu bildirişiň çap edilen senesinden başlap, 15 senenama gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.

Elektron salgysy: Kz.Procurement@Weatherford.com

Teklipleri kabul etmegiň soňky möhleti: 03.02.2024

Bellenen möhletinden giç tabşyralan teklipler kabul edilmeýär.

Kompaniýanyň iberilen teklipleri kabul etmek we etmezlik hukugy bardyr.

Tender resminamalary ygtyýarly adam tarapyndan taýýarlanylmaly we gol çekilmeli, skanirlenmeli we zip formatda arhiwlenmeli.

Tendere gatnaşyjynyň tabşyrmaly tender resminamalarynyň sanawy:

  1. Täjirçilik teklibi.
  2. Ýuridiki şahslaryň bir bitewi döwlet sanawyndan göçürmesi (Telekeçileriň bitewi döwlet sanawyndan).
  3. Gerekli iş görnüşini ýerine ýetirmäge rugsat berýän ygtyýarnamalaryň, şahadatnamalaryň we beýleki resminamalaryň göçürmeleri.

Kompaniýanyň goşmaça we beýleki resminamalary talap etmek hukugy bardyr.

Kompaniýanyň tender resminamalarynda görkezilen ähli görkezijileri tassyklamak we şertnamany ýerine ýetirmek mümkinçiligini kesgitlemek üçin gatnaşyjynyň tehniki auditini geçirmek hukugy hem bardyr.

Teklipler seljerilende şu aşakdakylary ýerine ýetirilen potratçylara ähmiýet beriler:

  • iň amatly bahany hödürläne.
  • şertnamada görkezilen ähli şertler bilen doly göwrümde ylalaşana, sol sanda töleg şerti bilen (hyzmatlar berlenden soňra töleg geçirmek)
  • tender resminamalaryň doly tabşyrana.
  • işi ýerine ýetirmek üçin zerur ygtyýarnamasy bolana.

Teklipçi muny ýatda saklamaly:

  • Taşyrylmaly tender resminamalar doly bolmadyk ýagdaýynda, kompaniýa hödürlenen tekliplere garamakdan ýüz öwürip biler.
  • Kompaniýa, bu geleşigi baglaşmagy teklip eden kontragentler bilen şertnama baglaşmakdan boýun gaçyrany jogapkärçilik çekmeýär.
  • Kompaniýanyň teklipleri kabul etmegiň möhletini uzaltmak hukugy bardyr.
  • Kompaniýa, ýüz tutanlar bilen diňe ýüzbe-ýüz gepleşikler görnüşinde şertnama baglaşmaga hukugy bolan adam bilen gepleşik geçirýär.
  • Kompaniýa telefon arkaly bahalar barada gepleşik geçirmeýär. Gatnaşyjynyň ýüzbe-ýüz gepleşiklere gatnaşmak mümkinçiligi bolmasa, onda oňa soňky teklibini bermäge mümkinçilik berler.
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022