TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

BT
TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär
Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabry. (Surat: dpmea.gov.af)

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow 18-nji sentýabrda Yslamabat şäherindäki “Serena” myhmanhanasynda Lahor Söwda-senagat edarasy (LCCI) tarapyndan guralan “Ambassadors’ Dinner 2026” çäresinde çykyş edip, TOPH gaz geçirijisiniň strategiki ähmiýetli Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi.

Ilçi çäräniň dowamynda Türkmenistanyň sebit syýasaty barada durup geçip, ýurduň hökümet ýolbaşçylarynyň sebitara özara baglanyşygy, şol sanda ulag-aragatnaşyk ugurlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, “Arkadagyň ak ýoly” diýlip atlandyrylan bitewi üstaşyr we energetika geçelgesini döretmek, şeýle hem TOPH we TOP taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi.

Atajan Möwlamowyň bellemegine görä, Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy 2027-nji ýylda Owganystana tebigy gazyň akdyrylyp başlanmagy üçin zerur şertleri döreder. Şeýle hem TOPH we beýleki sebit taslamalaryň sebitde has arassa energiýanyň ygtybarly üpjünçiligini ýola goýjakdygy we durnukly ykdysady ösüşe goldaw berjekdigi bellenildi.

Şeýle hem çäräniň dowamynda LCCI-niň ýolbaşçylary diplomatik korpusyň wekillerine Söwda-senagat edarasynyň işi we Pakistanyň sebit ýurtlary hem-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler barada maglumat berdiler.

Ilçi Atajan Möwlamow çykyşynda Penjab welaýatynyň we Lahor şäheriniň işewürler jemgyýetiniň eksporty ösdürmekde, maýa goýumlary çekmekde, täze iş orunlaryny döretmekde we ykdysady ösüşe goşant goşmakda möhüm ornuny hem belledi.

Mundan başga-da, çärede täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek we özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

2022
ENG TM РУС