08.02.2024
12.03.2024

Türkmenabat halkara howa menzili printerleriniň we kartrijleriniň tehniki abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziliniň hasabynda duran ähli printerleriniň we kartrijleriniň tehniki abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ýerine ýetirijini saýlamak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

- Printerleriň we kartrijleriň tehniki abatlaýyş işlerini ýokary derejede hem-de wagtynda geçirmek.

Açyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:

  • kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
  • kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
  • bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty;
  • Şeýle hem bäsleşige gatnaşmak üçin 1000 manat (bir müň manat, goşulan baha üçin salgydy goşmak bilen) töleg tölemeli (gatnaşmak üçin töleg yzyna gaýtarylmaýar).

Bäsleşik teklipleri şu bildiriş çäp edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Görkezilen möhletden soň berlen teklipler kabul edilmeýär. Maliýe geçirmegiň hasaby ýazmaça ýüz tutanda görkeziler.

Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (422) 9-46-78

+993 (422) 9-47-03

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
2022