17.10.2024
28.11.2024

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi awtomobil köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2024-nji ýylyň 28-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-46-64

+993 12 44-45-55

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022