06.11.2024
05.12.2024

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Tekstil toplumyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda Tekstil toplumynyň taslamasyny düzmek we ony dolulygyna gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Tendere gatnaşmak üçin bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan daşary ýurt kompaniýalary, hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanyň çäginde hasaba alnandygyny tassyklaýan resminamalaryny görkezmek bilen, ýazmaça arza bermeli;
  • bäsleşigiň düzgünleri we bäsleşige gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly;
  • tehniki ýumşy we bäsleşik resminamalaryň bukjasyny almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin 300 (üç ýüz) ABŞ dollary + 15% GBüS möçberinde töleg tölemeli.

Bäsleşik teklipleri hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär.

Bellik: ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 40-71-77

+993 12 40-71-57

+993 12 40-70-10

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022