18.02.2025
22.02.2025

Daşoguz welaýat häkimligi durmuş-ykdysady binalarynyň gurluşyk işleri boýunça bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, 2025-nji ýylda Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherçesinde gurulmagy meýilleşdirilen 240 orunlyk çagalar bagynyň, Akdepe etrabynda 420 orunlyk orta mekdebiň hem-de Köneürgenç etrabynda 200 orunlyk medeniýet öýüniň gurluşygyna potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 22-nji fewralyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 (322) 9-03-02

Faks:

+993 322 9-03-14

Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022