04.04.2025
30.04.2025

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi ýüňi gaýtadan işleýän toplumy gurmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi ýüňi gaýtadan işleýän toplumy gurmak we ony döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini 2025-nji ýylyň 30-njy apreline çenli uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde ýerli telekeçiler, hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri we tejribeli daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, “Türkmenhaly” döwlet birleşigine bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arzany bermeli;
  • “Gurluşyk taslamalary boýunça bäsleşik geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyşmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin tölegi geçirip bäsleşik resminamalaryň doly bukjasyny almaly;

Töleg geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly berilýär.

Bäsleşik teklipleri hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilýär.

Teklipler 2025-nji ýylyň 30-njy apreline çenli kabul edilýär.

Telefon belgileri:

+993 12 44-69-07

+993 12 44-69-05

+993 12 44-69-60

+993 12 44-69-00

Elektron salgysy:

tkm@turkmenhali.gov.tm

tmcarpet@mail.ru

Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 94-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022