Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi
2026-njy ýylyň 17–19-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi geçiriler.
Bu sergi dabaraly ýagdaýda geçirilip, ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüler. Serginiň çäginde energetika, senagat, nebitgaz we nebit-himiýa toplumlary, dokma senagaty we halyçylyk, gurluşyk we binagärlik, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýän senagat, saglygy goraýyş we lukmançylyk, bilim, sport, syýahatçylyk, neşirýat işi, daşky gurşawy goramak hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça gazanylan üstünlikler tanyşdyrylar.
Serginiň iş wagty: 09:00-dan 18:00-a çenli.
Çäre barada has giňişleýin maglumat: www.cci.gov.tm











