Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
TDHÇMB
05.03.2026
03.04.2026
Balkan welaýat häkimligi ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerini düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär
Balkan welaýat häkimligi Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäheriniň Şameýdan köçesiniň ugrunda ýerleşýän jemi 6 sany 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerini düýpli abatlamak işlerini ýerine ýetirmek üçin ýerli gurluşyk kärhanalaryndan potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
- Gatnaşyjy tarapyndan doly adyny görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza.
- Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat.
- Hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşigiň teklipleri 2026-njy ýylyň 3-nji apreline çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy
Bulary hem okaň











