05.03.2026
03.04.2026

Balkan welaýat häkimligi ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerini düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäheriniň Şameýdan köçesiniň ugrunda ýerleşýän jemi 6 sany 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerini düýpli abatlamak işlerini ýerine ýetirmek üçin ýerli gurluşyk kärhanalaryndan potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

  • Gatnaşyjy tarapyndan doly adyny görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza.
  • Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat.
  • Hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşigiň teklipleri 2026-njy ýylyň 3-nji apreline çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022