08.07.2026
14.08.2026

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi suw geçiriji ulgamlaryň gurluşygy boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýrugy boýunça Arçabil şaýolunda suw geçiriji ulgamlary we suwaryş ulgamy üçin desgalary gurmak, şeýle hem şaýoluň bir bölegini abatlamak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 14-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Telefon belgileri:

+993 12 44-46-77

+993 12 44-46-64

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022