Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda sişenbe güni Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi.
Bu çärä Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we halkara guramalaryň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden we Aşgabatda ilkinji diplomatik wekilhanasyny açan ýurduň ilçisi hökmünde çykyş edýändigime buýsanýaryn. Bu ilçihana döredileni bäri Türkiýe bilen Türkmenistan doganlyk halklarymyzyň arasyndaky taryhy, medeni, dil, dini we garyndaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýär” diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral çärä gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy.
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen bu çäräniň çäklerinde Türkiýäniň diplomatik gullugynyň 500 ýyllygyna we Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň açylmagynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sergi, şeýle hem ýurtdaky türk ilçihanasynyň täze tugrasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
“Tugrada taryhda bar bolan 16 sany garaşsyz türk döwletini alamatlandyrýan 16 sany ýyldyz şekillendirilen. Aslynda biziň tugramyz dünýäniň beýleki türk ilçihanalaryndaka meňzeýär. Emma bu ýerde ol başga bir many berip, tugrada ýerleşdirilen ýyldyzlaryň köpüsi Türkmenistan bilen müňlerçe ýyllyk umumy taryhymyzy alamatlandyrýar” diýip, türk ilçisi belledi.
Aşgabatda Türkiýäniň ilçihanasy 1992-nji ýylyň 2-nji maýynda açylyp, ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alanyndan soň ýurtda açylan ilkinji ilçihanadyr.