Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda, 2023-nji ýylyň 29-njy iýuny (Surat: AA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Türkmenistanda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ilkinji “akylly şäheriň” açylyşy mynasybetli dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.“Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançada Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşýan myhmanlar bilen Akhan bedewiniň keşbini janlandyrýan binany açdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyna bardylar we bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we ýurduň Döwlet baýdagy ýokaryk galdyryldy. Şeýle hem dabaralaryň çäklerinde “Arkadag” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde 336 sany medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy. Türkmenistanyň Prezidenti we daşary ýurtly myhmanlar täze binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň toplumynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Şeýle hem Arkadag şäherinde türkmençilik däp-dessuryna eýerip, toý sadakasy berildi.

2022