Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasynyň taslamasyny düzmäge ygtyýar berildi.
Resminama laýyklykda, bar bolan binalaryň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak, olara häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmak, zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ýokary önüm berýän gara mallary satyn almak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Degişli taslama maldarçylyk pudagyny ösdürmäge, ilatyň et we süýt önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, maldarçylyk önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi ýurtda azyk bolçulygynyň berkidilmegine ýardam eder.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň mart aýynda başlamak hem-de 2026-njy ýylyň mart aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.