Türkmen telekeçileri 16-22-nji iýul aralygynda Owganystanyň Kabul şäherinde geçirilýän ymam Abu Hanifa adyndaky ikinji Milli we halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygynyň metbugat gullugy ýekşenbe güni habar berdi.
“TOLOnews” owgan teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu sergä ýurduň içerki senagatçylary bilen bir hatarda, Eýrandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Pakistandan gelen sanagatçylar hem gatnaşýar.
“Bu sergi Owganystanda geçirilen ilkinji we iň uly sergi bolup, ol ilkinji gezek ýerli, sebitleýin we halkara işewürleri, maýadarlary we senagatçylary birleşdirýär we pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär” diýip, Owganystanyň Söwda we maýa goýum edarasynyň başlygy Tawakal Ahmadyar belledi.
Sergide 600 sany diwarlyk bolup, onda oba hojalygy, magdançylyk, energiýa, elektrik energiýa önümçiligi, bilim, metallurgiýa, azyk önümçiligi, gurluşyk, maşyn gurluşygy, dokma önümleri, agajy gaýtadan işlemak, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ýaly dürli pudaklarda innowasion önümleri we hyzmatlary görkezilýär.
Şeýle hem sergi-ýarmarkasynda bilim we täze hyzmatdaşlyklar üçin mümkinçilikleri döredýän seminarlar, medeni maksatnamalar we B2B duşuşyklar gurnaldy.
Suratlar: Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy