Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy täze “Land Cruiser 250” (Prado) modeli bilen tanyşdyrdy. Täze awtoulaglar gibrid görnüşinde bolup, olarda benzin we dizel bilen işleýän agregatlar üpjün ediler. Bu barada “Toyota” kompaniýasynyň çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.
Ýaponiýada we ABŞ-da “Land Cruiser 250” diýlip atlandyrylýan, emma ÝB we Awstraliýa ýaly birnäçe bazarlarda “Land Cruiser Prado” diýen ady saklap galan bu model “Land Cruiser 300”, “Lexus GX” we “Lexus LX” modelleri bilen umumy bolan TNGA-F platformasynda ýerleşdirilýär.
Satuw nukdaýnazaryndan dünýäde iň uly awtoulag öndürijisi bolan bu kompaniýa täze modeliň Ýaponiýanyň iki zawodynda öndüriljekdigini we daşary ýurtlara iberiljekdigini mälim etdi.
“Toyota” kompaniýasynyň 326 at güýçli we 2,4 litrlik dört silindrli benzin-elektrik gibrid hereketlendirijili täze awtoulagy diňe ABŞ-nyň we Hytaýyň bazarlarynda peýda bolar. Beýleki bazarlarda bolsa hereketlendirijiniň dürli görnüşleri, ýagny 2,4 litrlik dört silindrli benzin (282 at güýji), 2,8 litrlik dört silindrli turbodizel (204 at güýji), şeýle hem 2,7 litrlik dört silindrli benzin (163 at güýji) hereketlendirijili görnüşleri hödürlener.
“Toyota” kompaniýasy täze “Land Cruiser” awtoulagynyň Ýaponiýanyň bazarynda 2024-nji ýylyň ortasynda peýda boljakdygyny we ABŞ-nyň bazarynda bolsa şol ýylyň ýazynda peýda bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Şeýle hem kompaniýa ABŞ-da täze awtoulagyň bölek satuw bahasynyň 50 müň ABŞ dollarydan başlajakdygyny habar berdi.
“Land Cruiser” awtoulaglary ilkinji gezek 1951-nji ýylda ulanyşa göýberildi we häzirki wagtda hem olaryň önümçiligi dowam etdirilýär. “Toyota” kompaniýasynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna “Land Cruiser”, “Lexus LX” we “GX” görnüşli 11,3 million sany awtoulag satyldy.
Surat: “Toyota” kompaniýasy