Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda täze ýaşaýyş jaýlary, obalar açyldy

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda täze ýaşaýyş jaýlary, obalar açyldy
Aşgabat şäheriniň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy, 2023-nji ýylyň 22-nji sentýabry

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda anna güni Aşgabat şäheriniň “Parahat-7”, “Çoganly” ýaşaýyş toplumlarynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda iki sany täze obalaryň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Aşgabat şäheriniň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 10-sy açylyp ulanmaga berildi. Täze açylan 6 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 54 öýden, 4 sany ýaşaýyş jaýynyň bolsa her biri 36 öýden ybaratdyr.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli, iki gatly, her biri 5 otagdan ybarat bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 24-siniň açylyş dabarasy boldy.

Şeýle hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Nurly zaman we Köpetdagyň ýalkymy atly täze, döwrebap obalaryň ikisi açylyp ulanylmaga berildi. Habarda bellenilişi ýaly, bu täze obalarda häzirki zaman amatlyklary üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, söwda merkezleri bina edildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäheriň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, çagalar seýilgähiniň gurluşygy ynanylan kärhananyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Häzirki wagtda Daşoguz şäherinde hem 80-den gowrak täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Daşoguz şäherinde gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň 3-si ulanylmaga berler. 

2022