Aşgabatda Ýaş telekeçileriň “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” işewürlik forumy geçirildi

Aşgabatda Ýaş telekeçileriň “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” işewürlik forumy geçirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň maglumat bölüminiň ýolbaşçysy Meradan Ataewiň “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” atly 16-njy Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde eden çykyşy, 2023-nji ýylyň 1-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy geçirildi. Ol “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde guraldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Ýaş telekeçileriniň işewürlik forumynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we giňeltmäge, gatnaşyjy ýurtlaryň ýaş telekeçilerine döwlet tarapyndan berilýän kömeklere, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde maýa goýumlary çekmek, söwda-ykdysady we beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine uly üns berildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow çykyşynda forumyň maksadynyň ýaş telekeçilere goldaw beriji meýdançany döretmekden, döwlet kömeklerini we telekeçiligiň utgaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmakdan, sanly startap, startap-inkubatorlar boýunça tejribeleri alyşmakdan, innowasion işewürligi işe girizmek üçin wençur gaznalarynyň işine serişdeleri we halkara guramalary çekmekden, sebitde ýaş telekeçiligi ösdürmek boýunça bilimleri we tejribeleri paýlaşmakdan we “ýaşyl” ykdysadyýete innowasiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Forumda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň döwlet düzümleriniň, söwda-senagat edaralarynyň wekilleri, şeýle hem ýaş telekeçileri çykyş etdiler. Çäräniň barşynda ýaş telekçileri goldamak çäreleri, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň meseleleri, maýa çeşmeleri we wençur gaznalarynyň işi boýunça çykyşlar edildi. “Ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleri esasynda ösüşiň strategik ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Senagatçylar we telekeçiler partiýasy çäräni guraýjylar bolup çykyş etdiler.

1-2-nj noýabrda geçirilýän “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe bolan birnäçe çäreler, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy, Türkmen-koreý Işewürlik geňeşiniň 5-nji mejlisi, “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Işewürlik geňeşiniň 4-nji mejlisi geçiriler. Forumda ulag-logistika pudagynda, lukmançylyk we saglygy goraýyş, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda işewür gatnaşyklar maslahatlaşyldy.

2022