“Misgär” täze görnüşli köke we wafli önümlerini müşderilere hödürleýär

“Misgär” täze görnüşli köke we wafli önümlerini müşderilere hödürleýär
“Misgär” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Misgär” hojalyk jemgyýeti ýakynda “Altyn supra” we “Japbak” haryt nyşanly täze köke we wafli önümlerini satuwa çykardy.

“Misgär” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeniniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, kompaniýa ýakyn wagtda täze funduk we plombir tagamly hurşly waflilerini ilata hödürlär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän Senagat zolagynda ýerleşýän bu kompaniýa 2000-nji ýylda esaslandyrylyp, bu ýerde 50-ä golaý işçi hünärmenler zähmet çekýär.

Kompaniýanyň önümçilik kärhanasynda häzirki wagtda kökeleriň we waflileriň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär we alyjylara hödürlenilýär. “Misgär” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynyň önümçilik kuwwaty ýylda 1 müň 500 tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýa geljekde öz öndürýän önümleriniň görnüşlerini has-da köpeltmegi, täze önümçilik tapgyryny işe girizmegi we iň amatly bahadan, ýokary hilli önümleri halka hödürlemegi maksat edinýär.

“Misgär” hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşmak üçin:

Salgysy: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, TSTB-niň Senagat zolagynyň Kuwwatly köçesiniň 3-nji jaýy.

Telefon belgileri:

+99312595515

+99365562680

Faks belgisi: +99312595429

Elektron salgysy: misgar59@mail.ru

Web sahypasy: misgar.com.tm

 

2022