Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi açyldy
Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi, 2024-nji ýylyň 3-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde çarşenbe güni Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady.

Sergä söwda toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň köp sanlysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalary gatnaşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

“Bu gün giňden ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi ýurdumyzyň dokma pudagynyň, milli el halyçylyk sungatynyň ösüşlerine baha bermäge-de mümkinçilik döreder” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisinde ýurduň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma, halyçylyk pudaklarynda, beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri görkezilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy martda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew serginiň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň milli lybaslarynyň dabaraly görkezilişiniň, söwda toplumyna degişli kärhanalaryň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çäreleriniň guraljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi üç gün dowam edip, şu ýylyň 5-nji aprelinde tamamlanar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022