Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan 2024” halkara sergisi açyldy

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan 2024” halkara sergisi açyldy
“Agro Pack Turkmenistan 2024” azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda çarşenbe güni “Agro Pack Turkmenistan 2024” azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan azyk howpsuzlygy bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan netijeleri giňden açyp görkezýän bu sergi ilaty azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmekde, içerki bazarda şol harytlaryň bolçulygyny hem-de howpsuzlygyny yzygiderli pugtalandyrmakda biziň ýurdumyzda berk ykdysady binýadyň döredilýändigine şaýatlyk edýär” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu serginiň azyk önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmaga, bu ugurda maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmäge, onuň ygtybarly ulgamyny döretmegiň usullaryny işläp düzmäge we amala aşyrmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Bu halkara sergide daşary ýurtlaryň degişli pudaklarynyň kompaniýalary bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçiler we kompaniýalar azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny hem-de önümlerini hödürleýärler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilýän bu sergi 17-nji maýa çenli dowam eder.

2022