Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy – Ynkylap güni mynasybetli kabul edilşik gurady. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, birnäçe döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabara iki ýurduň Döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen badalga aldy. R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ähli eýran halkyna mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Ol şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýranyň Prezidenti bilen ýakynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligi barada durup geçdi. Onuň barşynda Masud Pezeşkian Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara foruma çagyryldy.
R.Meredow Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Eýrana, eýran ýolbaşçylarynyň hem 2024-nji ýylyň maýynda Türkmenistana amala aşyran saparlary barada durlup geçildi. Soňky saparyň çäklerinde Aşgabatda Hafyz Şirazynyň hem ýadygärligini özünde jemleýän “Magtymguly Pyragy” seýilgähiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani myhmanlara dabara gatnaşandyklary üçin hoşallyk bildirip, Yslam ynkylabynyň 46 ýyllyk baýramynyň ähmiýeti barada durup geçdi. Ol şeýle hem Eýranyň we Türkmenistanyň arasynda çuň taryhy, medeni we ynanç-ygtykat arabaglanyşygynyň bardygyny, Eýranyň Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlygyny ilkinji bolup ykrar eden ýurtlaryň biridigini belledi.
Ilçi ýakynda geçirilen diplomatik gepleşikler, özara çäreler barada aýdyp, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň häzirki wagtda 470 million ABŞ dollaryna golaýlaýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda diplomat özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, medeni we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge eýran tarapynyň ygrarlydygyny beýan etdi hem-de dabara gatnaşandyklary üçin ähli ýygnananlara hoşallyk bildirdi.