Türkmenistanyň energetika pudagynyň wekilleri 24 – 27-nji fewral aralygynda London şäherinde geçirilen iki sany iri çärä – “Platts London Energy Forum 2025” forumyna we “London Energy Week” hepdeligine gatnaşdylar. Forumlaryň barşynda uglerodlary azaltmak, arassa energiýa geçmek, energetika özgertmelerinde tebigy gazyň orny ýaly möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistan tebigy gazy ibermek we täze desgalary ösdürmek ýaly nebitgaz pudagyndaky möhüm taslamalaryny tanyşdyrdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
“Platts London Energy Forum 2025” forumyna gatnaşanlar tebigy gazy “swap” usulynda Türkiýä ibermek we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalara üns berdiler. Bilermenler daşky gurşawyň hapalanmasynyň we zyňyndylaryň azaldalymagynda Türkmenistanyň goşýan goşandyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Hytaýa eksport edilýän 30 milliard kub metr gaz 60 million tonna kömür bilen deňeçerdir.
Foruma gatnaşan wekiliýetler 23 – 25-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek boýunça halkara foruma (TEIF 2025) gatnaşmaga çakylyk aldylar.
Türkmen wekiliýeti 1 müň 500-den gowrak wekili bir ýere jemlän “London Energy Week” hepdeligine hem işjeň gatnaşdylar. Olaryň köpüsi şu ýyl Aşgabatda 30-njy gezek geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT) atly maslahata hem gatnaşarlar.
Foruma gatnaşmak, hususan-da, Çaljulba (Derweze) ýatagynda metan zyňyndylaryny azaltmakda Türkmenistanyň gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döretdi. “Capterio” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory bilen bolan duşuşygyň dowamynda täzelenen maglumatlary özünde jemleýän ylmy makala taýýarlanyldy. Bilermenler şeýle hem 5-nji iýunda Aşgabatda uglewodorod ýataklaryny gaýtadan işlemegiň ekologiýa ugurlaryna bagyşlanyp geçiriljek “TESC 2025” maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy.