“Agzybir ojak” kompaniýasy 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde künjüni we saflory gaýtadan işleýän döwrebap kärhanany ulanmaga bermek bilen “Aria Sun” haryt nyşanly ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli ösümlik ýagynyň önümçiligine başlady. Munuň üçin olar dänäniň we soýanyň bol hasylyny topladylar diýip, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň halkara habarlar bölüminiň žurnalisti Çary Çaryýew “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.
Kärhana Ahal welaýatynyp Gökdepe etrabynda ýerleşýär. Tutýan meýdany 3,5 gektara barabar bolan önümçilik kärhanasy sowuk sykma usulyny ulanmak arkaly ösümlik ýagynyň 4500 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Türkiýäniň häzirki zaman gysyjy enjamlary ornaşdyrylan önümhanada sowuk sykma usulynda künjiniň we safloryň gaýtadan işlenilmegi ýokary hilli taýýar önümiň öndürilmegini üpjün edýär.
Kärhana saflory ösdürip ýetişdirmek boýunça ýerli ekerançylar bilen toplan bilimlerini işjeň paýlaşyp, önümçiligiň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. Kärhana özüniň geljekki ösüşiniň çäklerinde oba hojalyk ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlyk etmegi, saflory ösdürip ýetişdirmäge gyzyklanma bildirýän ekerançylara tehniki kömek bermegi hem-de çig maly satyn almak boýunça şertnamalary baglaşmagy meýilleşdirýär.
Saflor guraklyga çydamlylygy bilen tapawutlanyp, suwuň az möçberini talap edýär. Hasyl ýygnalandan soň ol däne kabul edýän ammara gelip gowuşýar. Bu ýerde ol önümhananyň däne arassalaýan awtomatlaşdyrylan enjamlaryndan geçirilip, gaýtadan işlemäge taýýar edilýär. Häzirki zaman tehnologiýalar geljekde ekiş üçin tohumlary saýlamaga hem mümkinçilik berýär.