“Ak Nesil” okuw merkezi Aşgabat şäherinde 6 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalar üçin iňlis dilini doly çuňlaşdyryp öwredýän gündüzki lager bolan “WoW Summer Camp” tomusky maksatnamasyna ýazgynyň başlanandygyny yglan edýär. Maksatnama 1-nji iýunda Aşgabatda işe giriziler. Üç aý dowam etjek bu maksatnama hersi dört hepdeden ybarat bolan üç tapgyry öz içine alar.
Bu konsepsiýa syýahat etmegiň zerurlygy bolmazdan dil öwrenmek pikirine esaslanýar. Tapgyryň dowamynda çagalar iňlis dilli gurşawynda bolup, sapaklar, özara gürrüňdeşlikler, oýunlar, iýmitleniş, gezelençler we çagyrylan myhmanlar bilen duşuşyklar, ýagny ähli zat iňlis dilinde geçirilýär. Format taýdan bu tejribe Beýik Britaniýadaky tomusky mekdeplere ýakyn bolup, çagany daşary ýurda ibermegiň zerurlygyny aradan aýyrýar.
Tutuş topar üçin “diňe iňlis dili” ýörelgesi
“Ak Nesil” merkeziniň beýleki maksatnamalardan esasy tapawudy — iňlis dilli gurşawynyň diňe mugallymlar tarapyndan däl, eýsem ähli işgärler tarapyndan goldanylmagydyr. Merkez 2020-nji ýylda açylan gününden bäri “diňe iňlis dili” ýörelgesine eýerýär we mugallymlar, kömekçiler, administratiw işgärler, kabulhana işgärleri çagalar bilen şeýle hem öz aralarynda diňe iňlis dilinde gürleşýärler. Merkez bu düzgüni ähli ýyllaryň dowamynda saklap gelýär we hut şu ýörelge “WoW Summer Camp” maksatnamasyndaky dili çuňlaşdyryp öwrenmek ýörelgesini hakykata öwürýär.
Okuw maksatnamasy
“Ak Nesil” Beýik Britaniýanyň okuw maksatnamalary we okuw kitaplary boýunça işleýär we iňlis, rus dillerini öwretmekde, şeýle hem IELTS, TOEFL we SAT synaglaryna taýýarlyk boýunça ýöriteleşýär. Merkeziň tejribesine görä, başlangyç derejesi bolmadyk çagalar doly okuw tapgyrynyň ahyrynda iňlis dilinde ynamly gepleşip bilýärler.
Lageriň gündizki maksatnamasy hereket arkaly diliň özleşdirilmegine ýardam bermek üçin niýetlenendir. Gün tertibine kiçi toparlardaky akademiki sapaklar, döredijilik okuw maslahatlary, sport çäreleri, iňlis dilinde multfilmleri we filmleri görmek, taslama we oýun işleri girýär.
Ýaş toparlary
Maksatnama 6–9, 10–12 we 12–14 ýaşly çagalary öz içine alýan üç topara bölünýär. Her topar bilen iki mugallym ýagny, esasy mugallym we kömekçi mugallym işleýär. Bu bolsa her bir çaga aýratyn üns bermäge we ýokary hilli dil gurşawyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Mowzuklaýyn günler we çagyrylan myhmanlar
Her hepde çagalary iňlis dilinde amaly başarnyklar bilen tanyşdyrýan çagyrylan hünärmenler bilen duşuşyklar geçirilýär. Maksatnamada saglyk we arassaçylyk günleri, maliýe sowatlylygy boýunça günler, kitaplar we edebiýat bilen tanyşlyk çäreleri hem göz öňünde tutulýar.
Penşenbe günlerinde geçirilýän gezelençler
Her penşenbe — gezelenç güni bolup, toparlar mugallymlary bilen bilelikde ýörite saýlanylyp alnan ýerlere, atçylyk toplumlara, haýwanat bagyna, pizza bişirmek boýunça ussatlyk sapaklaryna, ýertudana ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanalara, maýonez önümçiligine we beýleki önümçilik meýdançalara baryp görýärler.
Iýmitleniş we şertler
Lageriň naharlarynyň sanawy baş aşpez tarapyndan ýaş aýratynlyklar we günüň dowamynda deňagramly iýmitleniş göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Lager duşenbe gününden şenbe gününe çenli işleýär we ol Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky “Belent” binasynda ýerleşýär.
Seneler we ýazgy
Maksatnama hersi dört hepdeden ybarat bolan üç tapgyry ýagny 1–28-nji iýun, iýul we awgust aýlaryny öz içine alýar. Bu ýerde bir ýa-da birnäçe tapgyra birbada ýazylmak mümkinçiligi bolup, her ýaş toparyndaky orunlaryň sany çäkli.
Habarlaşmak üçin
Maksatnama boýunça ýazgy we maslahat:
Telefon belgisi/ WhatsApp:
+993 63 20 30 30
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan köçesi, “Belent” binasy, “Ak Nesil” okuw merkezi
Instagram: @aknesil.english
Bahalar boýunça giňişleýin maglumatlary telefon arkaly alyp bilersiňiz.













