Aşgabatda sişenbe güni ITTC 2026 we “Türkmentel – 2026” halkara forumlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary we kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de guramalarynyň arasynda aragatnaşyk, sanly tehnologiýalar, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi “Dell Technologies Kazakhstan” and “Central Asia” kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdy. Resminama Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew we kompaniýanyň Gazagystan hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça hyzmatdaşlar bilen işlemek boýunça menejeri Gleb Tihonow gol çekdiler.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Russiýanyň “Школа 21” awtonom täjirçilik däl guramasynyň arasynda hem özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Resminama türkmen tarapyndan aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň we guramanyň baş direktory Rustam Aýnetdinowyň gatnaşmagynda gol çekildi.
Şeýle hem ministrlik Singapuryň “Canaan Creative Global Pte. Ltd.” kompaniýasy bilen döwrebap hasaplaýyş tehnologiýalary we sanly infrastruktura ulgamlarynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdy. Resminama Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri we kompaniýanyň wise-prezidenti Sýu Sýuweý gol çekdiler.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Türkiýäniň “USS Denizcilik ve Lojistik Tic. ve San. Ltd. Şti.” kompaniýasynyň arasynda portlary ösdürmek, logistika, flotdan peýdalanmak we gämi abatlamak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Üçtaraplaýyn resminama Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy P.Jumayew we “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň baş direktory W. Kerwenow tarapyndan gol çekildi.
Mundan başga-da, “Türkmenistan” awiakompaniýasy bilen Günorta Koreýanyň “JS International Korea” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Resminama “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň baş direktory B. Baýmyradow tarapyndan gol çekildi.
Resminamalara Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 24–26-njy noýabr aralygynda geçirilýän V Halkara ulag-logistika forumynyň we “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026” (ITTC 2026) atly serginiň, şeýle hem XIX halkara sergisiniň we “Türkmentel – 2026” atly ylmy maslahatynyň çäklerinde gol çekildi.












