Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi duşenbe güni öz işine başlady.

Däp bolup gelýän sergä ykdysadyýetiň döwlet böleginiň düzümleri, bilim we medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň edaralarynyň wekilleri, ýerli telekeçiler we hususy kärhanalar gatnaşýar.

Sergide gurnalan 70-den gowrak sergi diwarlyklarynda senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, energetikada, ulag hem-de aragatnaşykda, söwda we hyzmatlarda, maliýe hem-de bank ulgamlarynda we beýleki ugurlarynda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler görkezilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilelikde gurnaýan sergisine gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatyny iberdi.

“Ýurdumyzda giň gerim bilen gurlup, işe girizilýän, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar, olarda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümlerimiz halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýar” diýlip serginiň açylyş dabarasynda okalan gutlag hatynda aýdylýar.

Sergi duşenbe güni sagat 18.00-a çenli, sişenbe güni bolsa 17.00-a çenli dowam eder. 

2022