Manamada türkmen-bahreýn wekilleri işewürlik hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

Manamada türkmen-bahreýn wekilleri işewürlik hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

Bahreýniň paýtagty Manamada çarşenbe güni türkmen-bahreýn işewürler forumy geçirildi.

Türkmenistandan bu çärä Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky, düzüminde ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça döwlet we hususy edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bolan wekiliýet gatnaşdy.

Işewürler forumynyň açylyşynda çykyş eden Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Samir Abdulla Ahmed Nass iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, ulag, innowasion tehnologiýalar, port infrastrukturasy, şäher gurluşygy ýaly pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygy barada aýtdy.

Şeýle-de, forumyň çäklerinde iki ýurduň dürli edaralarynyň we işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen we bahreýn kompaniýalarynyň wekilleri iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda ýokary hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygyny belläp, azyk senagaty, dokma senagaty, maliýe we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky işewürler maslahatynyň soňkusy Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň mart aýynda amala aşyran Türkmenistan saparynyň çäklerinde geçirilipdi.

2022