GUNT – Türkmenistanda öndürilýän ýerli togtadyjy kolodkalarynyň markasy

GUNT – Türkmenistanda öndürilýän ýerli togtadyjy kolodkalarynyň markasy

Durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen awtoulaglaryň şaýlarynyň tükel bolmagy sürüji bilen bir hatarda, ýolagçynam arkaýynlaşdyrýar. Ulaglara dogry ideg etmek, ätiýaçlyk şaýlaryny dogry saýlamakdan başlanýar.

Türkmenistanda awtoulag şaýlaryny öndürmäge telekeçiler işjeň gatnaşmaga başlady.

Daşary ýurtdan getirilýän ätiýaçlyk şaýlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýan hususyýetçileriň biri hem “Ajap Önüm” hojalyk jemgyýetidir. Bu kompaniýa Türkmenistanda ýerli togtadyjy kolodkalaryny öndürmäge başlady.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen bolan söhbetde “Ajap Önüm” kompaniýasynyň wekili önümçiligi noýabr aýynyň başynda ýola goýandyklaryny mälim edip, 26-njy dekabrda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan Laýyklyk sertifikatynyň berlendigini belledi.

Ulag eýelerini amatly bahadan togtadyjy kolodkalary bilen üpjün etmegi wezipeleri hasaplaýan kompaniýa import edilýän önümleriň ornuny tutjak ýokary hilli önümleri öndürmegi göz öňünde tutýar.

Ýeňil awtoulaglaryň aglabasyna gabat gelýär

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän kärhanada ýyllyk ortaça 300 müň toplumdan gowrak kolodkalary öndürmäge mümkinçilik bar.

Kolodkalaryň önümçiliginde esasan-da ýeňil awtoulaglary göz öňünde tutan kompaniýa Türkmenistanda ulanylýan ýeňil ulaglaryň aglabasyna gabat geljek görnüşini öndürmäge başlady.

Togtadyjy kolodkalarynyň ilkinji nusgalary kämil barlag enjamlarynda synag edildi. Oňyn netije alnandan soňra önümçilige doly güýjünde girişildi.

2020-nji ýylyň bosagasynda ýurduň ähli künjekleriniň söwda nokatlaryna iberiljek ätiýaçlyk şaýlar bilen ilki içerki bazary üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Dowam edýän proses doly tamamlanandan soň kompaniýa önümlerini eksport etmegiň mümkinçilikleri ugrunda iş alyp barmagy meýilleşdirýär.

“Tizligiň arkasyndaky ynamdar güýç” şygary bilen işe girişen işewürler önümleriň we önümçilik tehnologiýalarynyň ekologiýa taýdan zyýansyz bolmagyna ähmiýet berýär.

Kärhananyň esasy maksady togtadyjy kolodka bazarynda iň halanýan we köp saýlanýan marka bolmakdan ybaratdyr.

2022