Türkmen zenan işewüri bezeg we sowgatlyk el önümlerini hödürleýär

Türkmen zenan işewüri bezeg we sowgatlyk el önümlerini hödürleýär

Aşgabat şäheriniň “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezinde türkmen zenan telekeçisi bezeg we sowgatlyk el işleriniň önümlerini hödürleýär.

Geçen aý söwda-dynç alyş merkezinde “Jamelia” dükanyny açan telekeçi Jemile Ýagdyýewa “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanynda ähli önümleriň elde ýasalýandygyny aýtdy. “Dükanda hödürlenýän agaç sowgatlyklary we bezeg önümleriniň ýasalmagy üçin biz ilki olaryň eskizini berýäris”.

“Dükanymyzdaky gülleri ýerli ýetişdirijilerden we daşary ýurtlardan alýarys. Olardan üýtgeşik hem-de owadan şekiller ýasap, müşderileriň göwnünden turmaga çalyşýarys” diýip, Ýagdyýewa önümleri barada gürrüň berdi.

Sowgatlyklarynda “Jamelia” adyny ulanýandygyny aýdan Jemile Ýagdyýewa, öz adyna ýakynlygy sebäpli şeýle ady saýlandygyny belledi.

Işewür zenan önümlerinde milli we döwrebap bezegleri ulanýar. Şeýle-de dükanyň witrinasy her möwsüm üýtgedilip, baýramçylyklara ýa-da paslyň aýratynlyklaryna görä sazlaşykly täzelenýär.

“Jamelia” dükanynda müşderileriň isleglerine we islendik nyrha görä önümler sargytlar esasynda hem taýýarlanýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022