Aşgabatda türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanyp sergi-ýarmarkasy geçirildi

Türkmen paýtagtynda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň umumymilli baýramyna bagyşlanyp halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Bu iri pudaklaýyn gözden geçirilişi “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurnady.

Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde haly önümleri bilen bir hatarda, milli şaý-sepler, dokma önümleri, ýurduň kärhanalarynda öndürilýän başga-da köp sanly harytlar görkezildi. Oňa meşhur halyçylar, işewürler, iri söwda kompaniýalarynyň, türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.