Aşgabatda ýerasty awtomobil geçelgesiniň we kaşaň myhmanhananyň açylyşy boldy

Aşgabatda ýerasty awtomobil geçelgesiniň we kaşaň myhmanhananyň açylyşy boldy

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de “Diwan” myhmanhanasynyň açylyş dabaralary boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Neşirde bellenilişi ýaly, ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak hem-de eltiji inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek türkmen telekeçilerine ynanyldy.

Paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň täze gurlan desgalar toplumy 4,5 gektar meýdanda ýerleşdirildi. Gurluşygyň umumy meýdany 44 müň 340 inedördül metrden gowrak bolup, ýerasty geçelgäniň uzynlygy 350 metre barabardyr.

Ýerasty awtomobil we pyýada geçelgäniň üstünde äpet kub görnüşindäki “Mahabat” binasy oturdylyp, onuň  boýy we ini 16 metre barabardyr. Binanyň granlary Oguz hanyň ýyldyzy görnüşinde ýerine ýetirilip, onda oturdylan wideoekranlarda dürli mahabatlar we beýleki maglumatlar görkeziler. Binanyň 5 metrlik sütünini hasaba almak bilen, onuň umumy beýikligi 21 metre barabardyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen, Aşgabadyň myhmanhanalarynyň üstüni ýetiren täze “Diwan” myhmanhanasyna tarap pyýada ugrady.

Biz şu gün döwrebap myhmanhanany açýarys, bu ýerde berkarar döwletimize gelýän myhmanlary garşylarys. Biziň ýurdumyz myhmansöýerligiň, dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetliligiň ýurdy hökmünde giňden tanalýar diýip, milli Liderimiz bu däpleriň türkmen halkyna gadymy döwürlerden bäri mahsusdygyny aýtdy.

Myhmanhananyň täze binasynda 131 otag ýerleşdirilip, olar standart, lýuks, ýarym lýuks we VIP otaglardan ybaratdyr. Şeýle hem restoran we banket zaly bar. Bu ýerde myhmanlaryň gowy ýaşamagy we medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda fitnes zaly, gözellik salony, spa-otagy, şeýle hem 20 we 40 orunlyk bolan maslahatlar zallarynyň ikisi bardyr.

2022