“Hazar külke” atly täze söwda nokady Aşgabat şäherindäki hususy dükanlaryň üstüni doldurdy. Balyk we balyk önümleri dükany “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezinde ýerleşýär. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.
Täze dükan telekeçi Ahmet Saparlyýewiň ilkinji söwda nokady bolup, ol ýerde sarp edijilere köp sanly türkmen telekeçileriniň önümleri bilen bir hatarda doňdurulan balyklaryň 20 görnüşi hödürlenýär.
Doňdurulan balyklaryň üpjünçiligi Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň tebigy we emeli suw howdanlarynda balykçylyk bilen meşgullanýan ýerli kärhanalary bilen hyzmatdaşlykda ýola goýuldy.
Habarda bellenilişi ýaly, “Hazar külke” dükanynda “Kenar” we “Hazarbalyk” haryt nyşanly konserwirlenen iýmitler, kakadylan we guradylan balyklar hem alyjylara hödürlenýär.
Mundan başga-da, täze dükanyň tekjelerinde müşderilere sardina, skumbriýa, tunes, saýra ýaly daşary ýurtlaryň konserwirlenen balyk önümleri hödürlenýär.
Telekeçi Ahmet Saparlyýew geljekde “Hazar külke” haryt nyşanly söwda nokatlarynyň sanyny artdyrmagy maksat edinýär.