Özbegistanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Özbegistanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy we Özbegistanyň Türkmen medeniýet merkezi duşenbe güni 2021-nji ýylda belleniljek Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostlukly gatnaşyklary” atly dabaraly çäre geçirdiler.

Agzalan çärä Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary we olarda bilim alýan talyplar, Özbegistandaky türkmen diasporasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda, Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň ýolbaşçysy R.Kurbanow çykyş edip, iki ýurdyň taryhy-medeni umumylyga, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan hyzmatdaşlygy barada belläp, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ähli türkmen halkyny gutlady.

Soňra Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazguly Mämmedow Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygyny we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşmeginde iki ýurdyň Döwlet Baştutanlarynyň uly tagallalarynyň bardygyny nygtady.

Şol bir wagtda, geçirilen çäräniň dowamynda türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan nepis türkmen halylaryndan, dürli haly önümlerinden, milli şaý-seplerden, milli lybaslardan, saz gurallaryndan we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen diwarlyklar ýaýbaňlandyryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Ilçihana tarapyndan türkmen milli tagamlary hödür edildi.

2022