TSTB-nyň sergisi 23-nji marta çenli uzaldyldy

TSTB-nyň sergisi 23-nji marta çenli uzaldyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli 17-njy martda öz işine başlan sergi 23-nji marta çenli dowam eder.

TSTB-nyň internet saýtynda yglan edilen bildirişe görä, ýerli hususy işewürligiň wekilleriniň gazananlaryna we Milli Bahar baýramyna bagyşlanyp geçirilýän sergi babatda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň bildiren uly gyzyklanmasy esasynda uzaldyldy.

Ýöriteleşdirilen sergi Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçýär hem-de öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň giň gerimini görkezýän iki ýüze golaý diwarlyklary birleşdirýär.

Şeýle hem serginiň ilkinji gününde, ýagny çarşenbe güni Sergiler merkeziniň meýdançasynda döwrebap lybaslaryň “Ýaz-Tomus-2021” ýygyndysy görkezildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022