Türkmenistanda täze halkara howa menzili açyldy

Türkmenistanda täze halkara howa menzili açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Lebap welaýatyndaky iş saparynyň dowamynda Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Täze Halkara howa menzilini “Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmasy esasynda “Gündogdy” hususy kärhanasy gurup ulanmaga berdi. Onuň meýdany 2 müň 221 inedördül metre barabar we bu ýerde ähli amatly şertler döredildi. Terminalyň zallarynyň beýikligi 6 metrden 9 metre çenli bolup, gidiş zaly 120 ýolagça niýetlenendir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Aerodromyň meýdany 42 müň 282 inedördül metre barabardyr. Duralga bir wagtyň özünde uly uçarlaryň 2-sini hem-de dikuçarlaryň 4-sini kabul edip bilýär.

Bu dabaranyň dowamynda Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy (ICAO) tarapyndan Kerki Halkara howa menziline ýerleşýän ýeriniň dört harply UTAE koduny bermek hakyndaky resminamasy hem-de Mýunhen Halkara howa menzili tarapyndan berlen halkara ülňülerine esaslanyp gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasy gowşuryldy.

Howa menziliniň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz “Türkmenhowaýollary” agentligine täze gelip gowşan “Boeing 777-200LR” kysymly howa gämisi bilen tanyşdy. Täze howa gämisi Kerki – Türkmenabat ugry boýunça ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kerkiden Lebap welaýatynyň merkezine ugraýan ýaş çatynjalar hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iş saparynyň dowamynda Türkmenabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenabat şäherindäki 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasy dört gatdan ybarat bolup, beýikligi 40 metre ýetýär. Onuň gatlarynda dolandyryş otaglary, giň eýwanlar, konsert zallary we beýleki otaglar bar.

Açylyşyň dowamynda milli Liderimiz konserte hem-de baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022