Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar we ýaşamak üçin ygtyýarnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nazar Atagaraýew, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň adam hukuklary we syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Armands Pupols, Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri, raýatlyga kabul edilen adamlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýlelikde, şu ýyl ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk jemi 2 müň 657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nazar Atagaraýew çäräniň dowamynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagta çenli jemi 14 müň 980 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň hökümetine raýatsyzlygy azaltmak boýunça alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

2020-nji ýylda jemi 2 müň 580 sany raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti 19-njy sentýabrda ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparyny Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hem-de daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek boýunça Permanlara gol çekipdi.

2022