Türkmenistanyň Eýrandaky konsullygy Nowruz baýramy mynasybetli medeni çärä gatnaşdy

Türkmenistanyň Eýrandaky konsullygy Nowruz baýramy mynasybetli medeni çärä gatnaşdy
Baýramçylykly çäre çarşenbe güni Horasan Rezawi welaýatynyň çägindäki Abulkasym Ferdöwsiniň ýadygärlik toplumynda geçirildi.

Türkmenistanyň Eýranyň Maşat şäherindäki Baş konsullygy Eýran tarapynyň çakylygy boýunça Owganystanyň, Täjigistanyň konsullyklary we Horasan welaýatynyň ýerli häkimýet edaralary bilen bilelikde halkara Nowruz baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen medeni çärelelere gatnaşdy.

Baýramçylykly çäre çarşenbe güni Horasan Rezawi welaýatynyň çägindäki Abulkasym Ferdöwsiniň ýadygärlik toplumynda geçirildi. Bu barada Baş konsullyk öz metbugat beýanatynda habar berdi.

Bu çäräniň çäginde Nowruz baýramyny belleýän döwletleriň medeni çykyşlary, milli amaly-haşam sungatynyň we medeni miraslarynyň hem-de tagamlaryň sergileri geçirildi.

Türkmenistanyň stendinde milli türkmen el halylary, milli egin-eşikler, milli şaý-sepler, Hormatly Arkadagymyzyň kitaplary hem-de milli ýadygärlik sowgatlary görkezildi. Şeýle hem, sergä gatnaşyjylara ýurdumyzyň milli tagamlary hödürlendi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022