Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy şenbe güni Gökdepe kölüniň kenaryny zir-zibillerden arassalamak boýunça çäre geçirdi. Bu çärä “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň hünärmenleri hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde geçirilen arassaçylyk çäresine birnäçe meýletinçiler, “Agama” alpinistler hem-de Aşgabadyň “Frizbi” klublary gatnaşdylar.
ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi bu çäräniň guralmagynda ýaşlaryň ähmiýetiniň ulydygyny belläp, olara öz minnetdarlygyny bildirdi.
Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde “Agama” alpinistler kluby tarapyndan ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça birnäçe ussat türgenleşikler we sport oýunlary geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy aprel aýynda hem Halkara Ýer güni mynasybetli Kelete jülgesiniň ýanynda arassalaýyş çäresini gurnapdy.
ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy 2019-njy ýylyň iýul aýynda açyldy.